Näme Täzelik?
Täzelenen zynjyr ekrany
Iş stoly üçin Tor Browser-inde Tor zynjyry bellikleriňiziň hersini zynjyr ekranynda tapyp bilersiňiz.
Bu çykarylyşa çenli , zynjyr ekrany sahypanyň maglumat panelinde ýerleşýärdi. Oňa girmek üçin salgy ýeriniň çep tarapyndaky gulplama şekiljigi (ýa-da onion saýtlaryndaky onion şekiljigi) basmaly bolardyňyz.
Ulanyş synaga gatnaşyjylar köplenç soralanda zynjyr ekranyny tapmak üçin kynçylyk çekýändigini we ulanyjylara adatça onuň ýerleşýän ýerini tapmagy öwretmeli bolýady.
Muny düzetmek üçin zynjyr ekran gulpuň gapdalyndaky täze reňkli nyşanyň aňyrsyna geçirdik.
Mundan başga-da, releleri indi bir göz aýlamak bilen düşünmegi aňsatlaşdyrýan bellikler bar we onion saýt zynjyrlarynyň dizaýny has gysga edildi. Adam tarapyndan okalýan onion adyna SecureDrop girýän ulanyjylar indi V3 onion salgysyny görüp we yzyna gaýdyp bilerler; we ekran okyjylary bilen has oňat sazlaşykly bolmak üçin dolandyryş paneli umuman täzeden düzüldi.
Täze onion saýt şekiljikleri
Mundan ozal, Tor Browser-iniň onion şekiljigiň kiçijik, tekiz görnüşi bolan onion-glyph bilen onion saýtlary görkezilýärdi.
Indi, iş stolunda ýa-da Android-de Tor Browser 12.5-de bir onion saýtyna gireniňizde täze bir üýtgeşme görersiňiz.
Onion hyzmatlaryň diňe Tor Browser programmasyna mahsus däldigine we özbaşdak önümdigine düşünmek möhümdir.
Raýat jemgyýeti toparlary, adam hukuklary goraýan guramalary we habar beriş serişdeleri tarapyndan onion hyzmaty ulanyjylaryň sany artdy, şol sanda dürli programmalary, onion hyzmaty arkaly ulanmaklyk goldawy hem artdy.
Häzirki wagtda Tor Browser-inden başga-da, meňzeş programmalarda Orbot, Onion Browser we Brave we birnäçesi arkaly onion hyzmatlaryna girip bilersiňiz.
Şol sebäpden, Tor Browser bilen ýakyndan baglanyşykly şekiljik onion saýtlary görkezmegi dowam etdirmegiň manysy ýok we şu gün täze şahsyýetleri hödürlemek isleýäris.
Gowulaşan baglanyş tejribesi
Iş stoly üçin Tor Browser 10.5-de ulanyjylara brauzer penjiresinden Tor-a birikmäge mümkinçilik berýän täze interfeýsi ulanmak üçin Tor Launcher-i çäklendirdik.
Bu aýratynlyk, Tor Browser-iniň beýleki menýularyna awtonom ýagdaýda we Birikdirme sazlamalary girip bilmek ýaly goşmaça ýol açdy. Şol sanda Tor Launcher sazlamalar sahypasyna menzeş bolmak bilen artykmaç işleýşi hödürleýär.
Bu çykaryş çykandan bäri, ulanyş synagyna gatnaşyjylar käwagt Tor tab-inden uzaklaşandan soň yzyna birikmekde kynçylyk çekýäler.
Bu meseläni çözmek üçin, Birikmek düwmäni awtonom ýagdaýda giren islendik sahypaňyzyň salgy setirinde elýeterli etdik. Tor Browser birikme sazlamalarynda köpri guranyňyzdan soň awtomatiki birikdiriler.
Şeýle hem, brauzeriň penjiresiniň ýokarky sag burçunda tapyp boljak brauzeriň birikme ýagdaýynyň görnükliligini ýokarlandyrdyk. Şeýle hem, brauzerde täze baglanyşyk şekiljigiň peýda boljakdygyny görersiňiz.
Has oňat elýeterlilik
Tor Browser Firefox-yň giňeldilen goldaw çykarylyşyna esaslanýandygy sebäpli, çeşmelerimizi gizlinlik we howpsuzlyk meselelerine jemlemek üçin Firefox-yň front-end ulanyjy tejribesini mümkin boldugyça köp ulanýarys.
Şeýle-de bolsa, Tor Browser Firefox bilen bilelikde köp sanly sahypalary we komponentleri öz içine alýar.
Muňa ugurdaş Mozilla-yň Firefox-yň elýeterliligini gowulandyrmak boýunça köpden bäri eden tagallalary, iş stolunyň aýratyn aýratynlyklar üçin Tor Browser bilen baglanyşykly meseleleri resminamalaşdyrmak we özümiziň elýeterliligi gözden geçirişimize başladyk.
Bu syn indi tamamlandy we Tor Browser-iniň elýeterliligini ýokarlandyrmak üçin köp wersiýalara ýaýradylan ilkinji düzedişleri ýerleşdirip başlaýarys.
Tor Browser 11.5-den bäri, birleşdirilen üýtgeşmeleri (about:tbupdate), zynjyr görnüşi, howpsuzlyk derejesi paneli, dürli gepleşikleri, brauzer chrome bölegi, beýleki bölümleri we köp sanly komponentleri üýtgedip gurduk.
Ekrany okaýjy ýa-da başga kömekçi tehnologiýany ulanýan bolsaňyz, meýletinçi alpha tester hökmünde we Tor forumynda öndürijilerimize seslenme bermek arkaly geçmişdäki we geljekdäki düzedişleri barlamaga kömek etmegiňizi isleýäris.
Fin dili goldawy
Tor Browser 12.0-de Alban we Ukrain dillerine goldaw goşduk.
Indi Lokalizasiýa laboratoriýasy meýletin terjimeçilerimiziň we hyzmatdaşlarymyzyň ajaýyp işleriniň netijesinde iş stoly we Android wersiýasy üçin dil görnüşi hökmünde Fin (Suomi) dilini goşmakdan hoşal.
Fin ýa-da başga bir dilde bir näsazlyk görseňiz, Tor Browser resminamalar we sahypalarymyzyň lokalizasiýa sahypamyzda terjimesine nähili goşant goşup boljakdygy barada jikme-jik maglumat alyp bilersiňiz.
Seslenmeleriňizi bize iberiň
Bir näsazlyk tapsaňyz ýa-da bu çykyndyny nädip gowulandyryp boljakdygy barada teklip bar bolsa haýyş bize habar beriň.
Tor toparlaryň hemmesine we bu çykyndyň çykmasyna goşant goşan köp meýletinçilere sag bolsun aýdýarys.